HOŞ GELDIŇIZ!

Önümiň hili we müşderiniň islegi biziň ileri tutýan maksadymyzdyr. Elmydama garaşylýandan has köp işi üpjün etmäge çalyşýarys!

Tanyş boluň

BIZIŇ KÄRHANAMYZ
BARADA

Biz “Asuda Döwür” Hususy Kärhanasy
    Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň agzasy Asuda Döwür kärhanamyz polipropilen çygly süpürgiçleriň gutusynyň gapagyny, gap-gaç ýuwujy serişdeleriň gutusynyň gapagyny, polipropilen uly haltalary (jumbo bag), şeýle-de halkyň gündelik sarp edýän bir gezeklik çemçedir pyçak-wilkany öndürme we satma hyzmatlaryny üpjün edýär.
    Plastmassa we polipropilinden önümleri öndürýän Asuda Döwür - taýýar önümleri kiçi plastmassa alyjylar bazarynda, hususy telekeçilik guramalaryna we lomaý üpjünçilere amatly bahadan satýar.
Asuda Döwür kärhanamyz plastmassa önümçiliginiň daşky gurşawa ýetirýän netijelerinden habarly. Öndürilen polipropilin gapaklar we uly haltalar gaýtadan işlenýär we has köp öndürmek üçin ulanyp boljak polietilen granulalaryna öwrülýär. Asuda Döwürde hiç bir madda biderek sarp edilmeýär. Bu daşky gurşawyň ýüküni we önümçilik çykdajylaryny azaldar!
Asuda Döwür kärhanamyz önümlerini azyk senagatyna has köp satýar, şonuň üçin müşderilerimiz kärhanamyzyň ulanylýan kanuny we arassaçylyk şertlerini doly we dogry ýerine ýetirip, 100% sarp ediji üçin amatly şertlerde öndürmek üçin ähli tagallalary edýändigine ynanmalydyrlar.

GEÇMIŞDEN GELJEGE

Gurujysy we dolandyryjysy Nurberdiýew Muhammetmyrat kärhanamyzyň ilkinji açylan gününden başlap üstünlikli dolanşyk, müşderilere kepil haryt öndürmek üçin uly yhlasyny gaýgyrman zähmet çekýär.
2015-nji ýylyň 24-nji martynda Mary welaýatynyň, Mary etrabynyň Mary-Aşgabat gara ýolunyň 11-nji binasynda düýbi tutulanyndan başlap kärhanamyzyň agzybir işgärler topary halkara standartlara gabat gelýän ýokary hilli enjamlary ulanyp, polipropilin önümlerini öndürip içerki we daşarky bazara hödürleýär.
Asuda Döwür kärhanamyz soňky ýyllarda ep-esli ösüş gazandy. Munuň özenine daşky-gurşaw jogapkärçiliginiň ähli mümkin bolan taraplary bilen baglanyşykly ýerine ýetiren işlerimiz muňa aýratyn goşant goşdy. Gündelik üýtgeýän dünýämizde tehniki taýdan kepilli önüm öndürmek gysga ýa-da uzak möhletleýin işiň rowaçly dowam etdirilmeginde düýpli kepillik ýok. Şonuň üçin hem Asuda Döwür kärhanamyz doly hil ulgamyna laýyklykda öndürmek we üpjün etmek isleýär.

Öňümizde goýan
maksatlarymyz

Asuda Döwür kärhanamyz ýokary hilli, ýörite gapak önümleri we halta görnüşleri üçin ygtybarly öndüriji we hyzmatdaş. Önümleriň dolanyşygy üpjün edijiler we müşderiler bilen üznüksizlige we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga esaslanýar.
Geljekki maksatlarymyzyň hataryna Türkiýe Respublikasynyň Uoritech Robot Teknologiýalar kompaniýasyndan satyn alnan enjamlary gurnamak, önümçiligi hasam güýçlendirmek, täze önümleriň sanawyny düzüp durmuşa geçirmek, gorumyzy giňeltmek we uly taslamalara gadam basmak girýär.

email
IŇ GOWUSY BOLMAK

Häzirki wagtda we ertirki günde pudagymyzda uly göwrümli dolandyrylýan gymmatly kärhana bolmak üçin günsaýyn özgerýäris.

email
HOWPSUZ, YGTYBARLY

Müşderilere isleg bildiren ýokary hilli önümleri ygtybarly şekilde eltip bermek.

email
JOGAPKÄRÇILIK

Işleýän jemgyýetlerimizde jogapkärli we hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmak.

email
STANDARTLAR

Iň täze tehnologiýany öwredip we ulanyp, tebigy baýlyklarymyzdan we adam zehininden peýdalanarys. Adamlar we tebigy baýlyklar baradaky bu aladalar biziň standartlarymyzy görkezýär. Asuda Dowur bütewiligi bilen buýsanýar we biz işewürlik, howpsuzlyk we daşky gurşaw meseleleri üçin iň ýokary standartlary kesgitleýäris. Bu ülňülere asla geleňsiz garamarys.

Biziň ynamdar
hyzmatdaşlarymyz

Biz ady belli “Täç Hil”, “Mona”, “Türkmeniň Rysgaly”, “Umytly Nesil” we beýleki kärhanalar bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk guraýarys.

BIZIŇ KATALOGYMYZY
ÝÜKLÄP ALYŇ

Has giňişleýin maglumat üçin önümler katalogymyzy ýükläp alyp bilersiňiz.

Catalogue.pdf